Türkmenistanyň içeri işler ministrine ýene bir käýinç berildi

Важное

Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygyny kabul etdi

8-nji iýunda prezident Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň öz missiýasyny ýerine ýetirmäge başlan, täze başlygy Jon MakGregory kabul etdi diýip,...

Türkmenistanyň bilim ministrligi ýetim çagalaryň köşgüni düýpli remont etmek üçin smetalary taýýarlamak barada tender yglan etdi

Türkmenistanyň bilim ministrligi ýetim çagalaryň köşk binasyny we desgalaryny düýpli remont etmek hem olara inžener sistemany gurnamak üçin taslama-smeta...

Lebapdaky “Ak öý” gurluşygynda işçi aradan çykdy

5-nji iýunda Lebapdaky “Ak öý” gurluşygynda bir işçi aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Prezident Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň...

Türkmenistan Özbek sowadyjylaryny satyn almakda üçünji orunda durýar

Türkmenistan Özbegistandan sowadyjylary satyn almakda üçünji orunda durýar diýip Uzreport maglumat berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Özbegistan 2021-nji ýylda daşary ýurtlara...

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri Isgender Mulikowa ýene-de bir berk käýinç yglan etdi. Bu käýinç oňa, resmi habara görä, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” berildi.

TDH 1-nji awgustda Berdimuhamedowyň Ýaragly güýçleriň käbir bölümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamak üçin ýarygijeden soň, olaryň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyryp, soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirendigini habar berýär. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Neşiriň maglumatyna görä, Berdimuhamedow “kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň demokratik, hukuk döwletiň möhüm meselesi bolup durýandygyny belläp, Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi”.

Şol bir wagtda habarda prezidentiň ministriň işinden anyk haýsy mesele boýunça nagile bolandygy anyklaşdyrylmaýar.

Bu içeri işler ministri I.Mulikowa üç aýda berlen üçünji berk käýinçdir. Onuň ilkinji berk käýinji 2017-nji ýylyň 4-nji maýynda, içeri işler ministrliginiň işgärleriniň arasynda korrupsiýa faktlarynyň ýüze çykarylmagy bilen bagly berlipdi. Ikinji käýinji oňa 1-nji iýunda, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin” yglan edildi we kemçilikleri gysga wagtda düzetmese, wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.

Şeýle-de daşary ýurt habar serişdelerinde, hususan-da “Azatlyk” radiosynda Mulikowyň ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewiň gününe düşmezlik üçin, saglyk ýagdaýy zerarly işden çekilmekçi bolýandygy, emma Berdimuhamedowyň onuň arzasyny kabul etmeýändigi barada maglumatlar peýda boldy.

Mulikowdan öň, iýul aýynda Milli ýurduň howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramowa hem üçünji berk käýinji berildi.  Ýogsa bu käýinç berlen wagty türkmen hökümeti resmi taýdan dynç alyşdady. Döwlet baştutanynyň gol çeken buýrugynda aýdylmagyna görä, Baýramow “wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralaryň işgärleriniň arasynda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadypdyr”.

LEAVE A REPLY

Please enter your comment!
Please enter your name here

Последние сообщения

Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenen başlygyny kabul etdi

8-nji iýunda prezident Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň öz missiýasyny ýerine ýetirmäge başlan, täze başlygy Jon MakGregory kabul etdi diýip,...

Türkmenistanyň bilim ministrligi ýetim çagalaryň köşgüni düýpli remont etmek üçin smetalary taýýarlamak barada tender yglan etdi

Türkmenistanyň bilim ministrligi ýetim çagalaryň köşk binasyny we desgalaryny düýpli remont etmek hem olara inžener sistemany gurnamak üçin taslama-smeta resminalaryny işläp taýýarlamak we ýerine...

Lebapdaky “Ak öý” gurluşygynda işçi aradan çykdy

5-nji iýunda Lebapdaky “Ak öý” gurluşygynda bir işçi aradan çykdy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Prezident Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky kararyna görä, “Türkmeniň...

Türkmenistan Özbek sowadyjylaryny satyn almakda üçünji orunda durýar

Türkmenistan Özbegistandan sowadyjylary satyn almakda üçünji orunda durýar diýip Uzreport maglumat berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Özbegistan 2021-nji ýylda daşary ýurtlara sowadyjylary eksport etmegini artdyrdy. Döwlet...

ÝDÖB Türkmenistana 350 million dollar maýa goýdy

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanda işläp başlaly bäri bilelikdäki sermaýasy 350 million dollara deň boldy. Bu barada 6-njy iýunda “Trend”neşiri ÝDÖB-niň metbugat wekili...

Gazagystan Türkmenistanyň pomidorynyň we burjynyň getirilmegine wagtlaýyn gadaganlyk girizdi

7-nji iýunda Gazagystan Türkmenistandan pomidor we burç önümleriniň getirilmegine wagtlaýyn gadaganlyk girizdi diýip, Gazagystanyň oba hojalyk ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Bu çäreler pomidoryň we...

Больше по теме